Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Koreýanyň Prezidentini gutlady

08:1515.08.2022
0
4315

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada şu günki «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

— Biz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýäris. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine berk ynanýarys — diýip, türkmen döwletiniň Baştutany öz gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, gutlag hatynda koreýaly kärdeşi Ýun Sok Ýola tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň