Türkmenistan Portugaliýany diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

21:5814.08.2022
0
3584

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Portugaliýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen döwletiniň Baştutany iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belläp, türkmen-portugal hyzmatdaşlygynyň geljekde hem bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, öz hatynda Prezident Marselo Rebelo de Souza tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Portugaliýa Respublikasynyň halkyna bolsa öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň