Türkmenistanyň Prezidenti we Aziýa -Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň ýolbaşçysy bilen maslahat geçirdi

06:3814.04.2015
0
2626

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow  Koreýa Respublikasynda döwlet saparynda bolmagynyň barşynda Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň prezidenti Ço Dae-hýun  bilen duşuşyk geçirdi.  

Teleradiogepleşikler birleşiginiň ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny Seulda ýokary derejede döwletara gepleşikleriniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de ikiçäk duşuşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda kemala gelen netijeli hyzmatdaşlygyň gyzyklanma döredýän meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin kanagatlanma bildirdi.  

Ço Dae-hýun Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýäde sport babatda gazanan uly üstünliklerini belläp, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmeginiň Orta Aziýa döwletleriniň arasynda ilkinji bolup, sporty giňden wagyz etmäge hem-de halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjek örän iri sport çärelerini geçirmäge hukuk alan Türkmenistanyň belent halkara abraýynyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy.

Işewürlik we oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen  Aziýa — Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň  Aziada taýýarlyk görmegiň hem-de ony giňden şöhlelendirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşigiň agzalary bolan ýüzlerçe kompaniýalaryň tele we radio ýaýlymlarda türkmen paýtagtyndan täzelikleri, reportažlary Ýer ýüzüne ýaýmaklaryna garaşylýar, olar dünýäniň 62 ýurdunda milliardlarça tomaşaçy üçin habarlary ýetirerler.  Mälim bolşy ýaly, bu meseleler eýýäm şu aýyň başynda Aşgabatda geçirilen “Aziada — 2017 we parahatçylygyň bähbidine sporty ösdürmekde Türkmenistanyň orny”  atly halkara maslahatynyň hem-de onuň çäklerinde guralan Halkara sport media-forumynda  ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň