Soňky habarlar

Arhiw

Geçen hepde geleşikleriň jemi bahasy 3 million 251 müň dollardan gowrak boldy

10:1215.08.2022
0
3611

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 9 geleşik hasaba alyndy diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Daşary ýurt puluna Täjigistanyň telekeçileri nebithimiýa önümlerini, hususan-da, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşini, şeýle hem mineral dökünleri satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 251 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine bahasy 2 million 921 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmen telekeçileri içerki bazar üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen, bahasy 1 million 440 müň manatlyk ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň