Soňky habarlar

Arhiw

APL: London derbisinde güýçler deň geldi

23:1014.08.2022
0
1327
Biraz ozal Angliýanyň premýer-ligasynyň ikinji tapgyrynyň merkezi oýny tamamlandy. Onda möwsümiň çempionlygy üçin dalaş edýän «Çelsi» öz öýünde şäherdeşi «Tottenhemi» kabul etdi. Dartgynly geçen London derbisinde Kalidu Kulibaliniň 19-njy minutda geçiren goly bilen «Çelsi» hasapda öňe saýlandy. «Tottenhem» bu gola 68-nji minutda Pýer-Emil Hýoýbergiň dürs urgusy bilen jogap gaýtardy. Aradan 9 minut geçip, duşuşygyň 77-nji minutynda «aristokratlar» Ris Jeýmsiň goly bilen ýene-de hasapdaky üstünligi öz taraplaryna agdyrdylar, emma Garri Keýniň 90+6-njy minutda uly sahna çykmagy ýer eýeleriniň ýeňiş gazanmagyna böwet boldy. Şeýlelikde, oýun 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. Bu deňlikden soň «Çelsiniň» we «Tottenhemiň» ikisiniň hem utuklarynyň sany 4-e ýetdi. Indiki tapgyrda «Tottenhem» 20-nji awgustda öz meýdanynda «Wulwerhemptony» kabul eder. «Çelsi» bolsa şol günüň ertesi «Lids Ýunaýtediň» myhmany bolar.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň