Soňky habarlar

Arhiw

V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Türkmenistan 11-nji medalyny gazandy

20:1814.08.2022
0
3658

Türkiýäniň Konýa şäherinde geçirilýän V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Dawranbek Hasanbaýew 96 kilograma çenli türgenleriň arasyndaky ýaryşlarda itekläp götermekde 165 kilogram netije görkezip, bäsleşigiň kiçi kümüş medalyna mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 183 kilogramlyk daşy galdyryp, umumylykda 348 kilogram bilen dördünji ýeri eýeledi.

Agyr atletika boýunça 96 kilograma çenli erkekleriň arasyndaky ýaryşlarda üç altyn medal hem itekläp götermekde 167 kilogram, silterläp götermekde 194 kilogram, umumylykda 361 kilogram netije görkezen eýranly Riza Beiralwanda nesip etdi. Uly kümüş medala iki görnüşiň jemi boýunça 354 kilogram netije görkezen — itekläp götermekde 164 kilogramy, silterläp götermekde 190 kilogramy göterip, iki kiçi bürünç medal gazanan özbek agyr atletikaçysy Sunnatillo Usarow eýe çykdy. Iki görnüşiň jemi boýunça berilýän uly bürünç medaly bolsa, silterläp götermekde 192 kilogram bilen kümüş medal gazanan, silterläp götermekde bolsa 157 kilogram netije görkezip, iki görnüşiň jemi boýunça 349 kilogramy zabt eden Saud Arabystanyna wekilçilik edýän Aly Alotma eýeledi.

Biraz ozal türkmenistanly Gülnabat Kadyrowanyň V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda bäsleşigiň rekorduny täzelemek arkaly altyn medala mynasyp bolandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň