Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: öz toparlarynda ýubileý gollaryny geçirdiler

19:3314.08.2022
0
1331

TÝL ― 2022-niň 3-nji tapgyrynda Didar Durdyýew bilen Döwletmyrat Döwletmyradow şahsy netijeleri täzeledi. Has takygy, bu futbolçylaryň ikisi hem toparlaryndaky ýubileý gollaryny geçirdiler.

3-nji tapgyrda «Energetik» bilen bolan duşuşykda üç gezek tapawutlanan «Ahalyň» futbolçysy Didar Durdyýew topardaky gollarynyň sanyny 42-ä çykardy. Şeýlelikde, onuň şu duşuşykdaky ilkinji goly «Ahalyň» düzüminde Ýokary ligadaky 40-njy goly boldy. Didar Durdyýew 2010-njy ýyldan bäri «Ahalyň» düzüminde iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýär.

«Merwiň» tejribeli goragçysy Döwletmyrat Döwletmyradow bolsa toparyň düzüminde Ýokary ligadaky 10-njy goluny geçirdi. Ol bu netije bilen «Merwde» 2013-nji ýyldan bäri Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji 10-lugyna girdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň