Soňky habarlar

Arhiw

Halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäherine geldiler

18:3814.08.2022
0
15835
Halkara ulag maslahatyna gatnaşyjylar Türkmenbaşy şäherine geldiler

Ozal habar berşimiz ýaly, ertir – 15-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat öz işine başlaýar.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, şu günler bu iri halkara maslahata gatnaşyjylar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelýärler. Ertirki geçiriljek masalahata dünýä döwletleriniň 39-syna, halkara guramalaryň 34-sine wekilçilik edýän wekiller gatnaşýarlar. Olar forumyň dowamynda pandemiýadan soňky döwürde durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag ulgamynyň ornuny giňden ara alyp maslahatlaşarlar.

Halkara maslahatyň çäklerinde şu gün Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ugurdaş sergiler açylyp, olarda BMG-niň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de ulag we kommunikasiýalar toplumynyň düzüm birlikleri, «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy, «Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiasiýasy» hojalyk jemgyýeti, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Türkmen logistika» assosiasiýasy jemgyýetçilik birleşiginiň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we beýlekiler ulag ulgamynda bitirilen işler we ýetilen sepgitler, ulag düzümleriniň kuwwatlyklary bilen tanyşdyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň