Arhiw

TÝL ― 2022: Akmämmedow 40-njy, Diniýew 10-njy goluny geçirdi

17:3614.08.2022
0
1278

3-nji tapgyrda geçiren gollary bilen iki futbolçy Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasyndaky gollarynyň sany boýunça täze sepgitlere ýetdiler. Olar Begenç Akmämmedow bilen Meýlis Diniýewdir.

«Köpetdagyň» futbolçysy Begenç Akmämmedowyň «Nebitçi» bilen bolan duşuşykda üç gezek tapawutlanandygyny ýatladýarys. Onuň bu duşuşykdaky ilkinji goly Ýokary ligadaky 40-njy goly hökmünde hasaba alyndy. «Ahalyň» futbolçysy Meýlis Diniýew bolsa Ýokary ligadaky gollarynyň sanyny 10-a tegeledi.

Ýeri gelende aýtsak, 2012-nji ýyldan bäri ýöredilip gelinýän sanawyň başyny 142 gol bilen kareýrasyna arakesme beren hüjümçi Süleýman Muhadow çekýär. Ikinji orunda 129 golly Myrat Ýagşyýew, üçünji orunda bolsa 122 golly Altymyrat Annadurdyýew bar.

Jemi 309 futbolçy bolan sanawda Begenç Akmämmedow ilkinji 30-lyga, Meýlis Diniýew bolsa 90-lyga girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň