TÝL ― 2022: tapawutlanan futbolçylaryň sany 20-den geçdi

17:2814.08.2022
0
1312

3-nji tapgyrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 30-njy möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň sany 20-den geçdi. Has takygy, Ýokary liganyň şu möwsüminde tapawutlanan futbolçylaryň anyk sany 22-ä çykdy.

Başyny «Köpetdagdan» Begenç Akmämmedow bilen «Ahaldan» Didar Durdyýew çekýän (her haýsy 5 gol) sanawa 3-nji tapgyrda «Nebitçiden» Seýitmämmet Hajymämmedow bilen Serdar Annaorazow, «Ahaldan» Selim Nurmyradow bilen Meýlis Diniýew, «Merwden» Döwletmyrat Döwletmyradow bilen Orazgulyýew, «Şagadamdan» Myrat Annaýew, «Aşgabatdan» bolsa Merdan Muhadow goşuldy.

Ýeri gelende aýtsak, Merdan Muhadow «Aşgabadyň» Ýokary liga ― 2022-däki ilkinji pökgüsini geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň