Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Ahal» möwsümde 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy

17:1814.08.2022
0
1113

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň şu möwsüminde garşydaş derwezelere 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy. Hatda «Ahalyň» ilkinji üç tapgyrda geçiren pökgüleriniň sany 16-a ýetdi.

Möwsümdäki ilkinji duşuşygynda «Nebitçini» 7:0 hasabynda ýeňen «Ahal», 2-nji tapgyrda «Altyn asyr» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Topar 3-nji tapgyrda bolsa Marynyň «Energetigiň» derwezesinden jogapsyz 8 pökgi geçirdi.

Ýaryşdaky ýagdaý «Ahaldan» soň ilkinji 10 pökgülik sepgide «Merw» bilen «Köpetdagyň» ýakyndygyny görkezýär. Iki toparda hem üç tapgyrda 5 gol bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň