Arhiw

V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Gülnabat Kadyrowadan altyn medal we bäsleşigiň rekordy

16:3614.08.2022
0
2126
V Yslam Raýdaşlyk oýunlary: Gülnabat Kadyrowadan altyn medal we bäsleşigiň rekordy

Türkiýäniň Konýa şäherinde dowam edýän V Yslam Raýdaşlyk oýunlarynda türkmenistanly agyr atletikaçy Gülnabat Kadyrowa 71 kilograma çenli agram derejesinde altyn medala mynasyp boldy. Ol itekläp götermekde 107 kilogram netije bilen bäsleşigiň rekorduny (ozalky rekord hem Gülnabadyň özüne degişlidi) täzeledi hem-de altyn medala eýe çykdy. Ol silterläp götermekde 118 kilogram göterip, bürünç medal bilen çäklendi. Şeýlelikde, türkmenistanly agyr atletikaçy umumy hasapda 225 kilogram görkeziji bilen ýaryşyň bu ugurdaky rekorduny hem täzeledi we iki görnüşiň jemi boýunça uly altyn medala mynasyp boldy. Umumylykda ikinji orun itekläp götermekde 95 kilogram (ikinji orun), silterläp götermekde 121 kilogram (birinji orun, bäsleşigiň täze rekordy), umumylykda 216 kilogram netije görkezen türkiýeli Aýsel Özkana nesip etdi. Itekläp götermekde 90 kilogramlyk daşy göterip bürünç medala, silterläp götermekde 120 kilogram bilen kümüş medala eýe çykan indoneziýaly Restu Anggi umumy hasapda 210 kilogramlyk netije görkezip, uly bürünji özüniňki etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň