Arhiw

Säheriň sport täzelikleri

07:4814.08.2022
0
1212
Säheriň sport täzelikleri

1. Düýn agşam Angliýanyň premýer-ligasynyň 2-nji tapgyrynyň birnäçe oýny geçirildi. Premýer-ligada günüň sensasiýasy — «Brentford»-«Mançester Ýunaýted» duşuşygy boldy. Bu oýunda Erik ten Hagyň şägirtleri 35-nji minuta çenli öz derwezelerine dört gol geçirdip, 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar boldular. «Ýunaýtediň» portugaliýaly ýyldyzy Kriştianu Ronaldu oýny dolulygyna meýdançada geçirdi. Bu ýeňliş «Ýunaýtediň» birbada birnäçe antirekordlarynyň gaýtalanmagyna getirdi. Topar ikinji tapgyrdan soňra turnir tablisasynyň ahyrky ýerine çenli aşaklady. Şeýle ýagdaý soňky gezek 1992-nji ýylyň awgustynda hasaba alnypdy. Mundan başga-da «Ýunaýted» myhmançylykdaky bassyr ýedinji oýnunda ýeňlişe sezwar boldy we bu ugurda 1936-njy ýylda hasaba alnan antirekord gaýtalandy. «Gyzyl şeýtanlaryň» halypasy Erik ten Hag bolsa «Ýunaýtediň» baş tälimçiligindäki deslapky iki oýnunda hem ýeňlen soňky ýüzýyllykdaky ilkinji hünärmen boldy.

«Ýunaýtediň» tersine Mançester şäheriniň beýleki bir topary «Siti» bolsa «Bornmuty» hiç hili kynçylyksyz 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gwardiolanyň şägirtleri ikinji tapgyrdan soň turnir tablisasynyň birinji basgançagyna ornaşdylar. Şeýle-de ikinji tapgyryň ýene bir üns çekiji gapma-garşylygynda Artetadan tälim alýan «Arsenal» «Lesterden» 4-2 hasabynda üstün çykdy.

2. Tomusda täze oýunçylaryň transferi üçin iň köp pul sowan «Barselona» La Liganyň deslapky tapgyrynda utuk ýitirdi. Hawiniň türgenleşdirýän topary birinji tapgyrda «Kamp Nouda» «Raýo Walýekanony» kabul edip, 0-0 hasabyndaky deňlige kaýyl boldy.

3. Parižiň «PSŽ» kluby Fransiýanyň çempionatyndaky ýeňişli ýörişini dowam etdirýär. Parižliler düýn üçünji tapgyryň çäklerinde «Monpelýeni» 5-2 hasabynda ýeňdiler. Duşuşykda Neýmar dubl edip, üç tapgyrdan soňra gol+pas düzgüni boýunça hasabyndaky utuklaryny 8-e ýetirdi.

4. Düýn Italiýanyň A seriýasynda täze möwsüm badalga aldy. Deslapky tapgyrda «Milan» «Udinezäni» 4-2 hasabynda, «Inter» Dýumfrisiň 90+5-nji minutdaky goly arkaly «Leççeni» 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

5. Monrealdaky «Masters» ýaryşynda finalçylar belli boldy. Has takygy, ýarym finalda Kasper Ruudi ýeňen Hubert Hurkaç hem-de Den Ewansdan üstün çykan Pablo Karreno-Busta aýgytlaýjy oýunda korta çykmaga hukuk gazandy. Maglumat üçin, ispaniýaly Pablo Karreno-Busta öz karýerasynda ilkinji gezek «Masters» seriýasyna girýän ýaryşyň finalyna çykdy.

Zenanlar tennisinde bolsa Torontodaky ýaryşyň finalçylary anyklanyldy. Torontodaky ýaryşyň ýarym finalynda Simone Halep Jessika Pegulany ýeňip, Býatris Haddad-Maýýa bolsa Karolin Plişkowany ýeňlişe sezewar edip final ýollanmasyna eýe çykdy.

6. ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Diýego şäherinde «UFC on ESPN 41» söweş agşamy geçirildi. Agşamyň merkezi tutluşygynda ýeňil agramda çykyş edýän ekwadorly Marlon Wera amerikaly Dominik Kruza garşy oktagona çykdy. Tutluşyk 4-nji raundda garşydaşyny nokauta sezewar eden Weranyň ýeňşi bilen gutardy.

7. 17 ýaşly rumyniýaly türgen Dawid Popowiç 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek boýunça dünýä rekorduny täzeledi. Ol Rim şäherinde dowam edýän sportuň suwdaky görnüşleri boýunça Ýerwopa çempionatyndaky çykyşynda 100 metr aralygy 46,86 (täze dünýä rekordy) sekuntda geçmegi başardy we ýaryşyň altyn medalyna eýe çykdy. 100 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde mundan ozalky dünýä rekordy braziliýaly Sezar Siýelo Filýo (46,91 sekunt) degişlidi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň