Soňky habarlar

Arhiw

Kataryň emiri Serdar Berdimuhamedowy gutlady

23:0913.08.2022
0
1496
Kataryň emiri Serdar Berdimuhamedowy gutlady
Surat: MIR24

Katar döwletiniň emiri Tamim bin Hamad Al Tani Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat ýollap, Kataryň halkynyň adyndan we hut öz adyndan türkmen döwletiniň Baştutanyny hem-de ähli türkmen halkyny hijri-kamary hasaby boýunça täze ýylyň ýetip gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Dostlukly döwletiň emiri öz hatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk we abadançylyk, türkmen döwletine bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw edýär.

«Goý, biziň ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar has-da pugtalansyn!» diýip, Katar döwletiniň emiri Tamim bin Hamad Al Tani gutlag hatynda belleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň