Soňky habarlar

Arhiw

Fantomas barada film düşüriler

17:0513.08.2022
0
1214

Fransuz edebiýatynyň we kinosynyň meşhur gahrymany Fantomas barada täze film we serial surata düşüriler diýip, «Variety» neşiri habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Prodýuser Wassim Beji we SND kompaniýasy tarapyndan surata düşüriljek kinolaryň haçan ekrana çykjakdygy habar berilmeýär.

Wassim Bejiniň aýtmagyna görä, Fantomas geçen asyryň sungat işgärleriniň köpüsi üçin ylham çeşmesi boldy. Fantomas serialda we komikslerde beýan edilen ilkinji aňrybaş ýaramaz gahryman bolupdy. Prodýuser täze Fantomasyň has-da gorkunç boljakdygyny wada berdi.

Fantomas Marsel Allen we Pýer Suwestr tarapyndan 1911-nji ýylda döredildi. Ol Fransiýanyň iň meşhur toslanyp tapylan gahrymany boldy we ýazyjylaryň 32 romanynda duş gelýär. Fantomas barada režissýor Lui Feýad bäş sany çeper film surata düşürdi. Ol filmlerde Žan Mare we Lui de Fýunes baş keşpleri janlandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň