Soňky habarlar

Arhiw

Parižli söwdagärlere tygşytlylyk öwredilýär

14:0913.08.2022
0
932
Parižli söwdagärlere tygşytlylyk öwredilýär

Parižde işläp duran kondisionerli dükanlaryň eýelerine açyk galdyrylan gapy üçin 150 ýewro möçberde ilkinji jerimeler ýazyldy. Olar şäheriň meri Ann Idalgonyň öň çykaran kararyny bozdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

Bu kararyň iki sebäbi bar: energetiki kynçylyk we çakdanaşa yssy howa. Şeýtmek bilen, şäher häkimiýetleri söwda nokatlarynyň eýelerine tygşytlylygy öwretmek isleýärler, geljekde jerime 750 ýewro ýetip biler. Kondisionerden ötri, gijelerine dükanlaryň öň aýnalaryny we ýazgylaryny ýagtylandyryp goýmak gadagan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň