Türkmenistanda ýedi aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,1%-e deň boldy

09:0213.08.2022
0
1840

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 12-nji awgustda Awazada Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Türkmen Lideri mejlisiň dowamynda ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşi barada aýdyp, şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,1 göterim derejesinde bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda oňyn netijeler gazanyldy. 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda bölek-satuw haryt dolanyşygy 10,4 göterim ýokarlandy. Daşary ykdysady strategiýanyň durmuşa geçirilmegi esasynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 39 göterim ýokarlandy.

Ýedi aýyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 103,6 göterim we çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Býujetiň serişdeleriniň 81,5 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirildi. Iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haklary, geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi.

Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 13,4 milliard manada deň boldy.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmagyň meýilnamasy, şol sanda “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan 100,7 göterim berjaý edildi. Nebit we gaz kondensaty bilen üpjün etmegiň meýilnamasy 111,2 göterim ýerine ýetirildi. Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 110,2 göterim, benziniň dürli görnüşini öndürmegiň meýilnamasy 117,4 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 112,2 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 125,6 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 115,2 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 115 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 113,6 göterim, gazy eksport etmegiň meýilnamasy bolsa 123,6 göterim berjaý edildi.

Gurluşyk-senagat toplumynda öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 152,5 göterime deň boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 114,7 göterim amal edildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyny 167,7 göterim ýerine ýetirdi. Energetika ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 128,4 göterim berjaý edildi.

Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 112,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 141,3 göterime barabar boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň meýilnamasy 181,1 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 100,9 göterim amal edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň meýilnamasy 120,3 göterim berjaý edildi.

Obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 108,1 göterime barabar boldy. Şunda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça bu görkeziji 108,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça bolsa 103,3 göterime deň boldy. Ähli pudaklaýyn düzümler tarapyndan maýa goýumlary özleşdirmek boýunça meýilnama 161,4 göterim ýerine ýetirildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,5 göterime barabar boldy. Öndürilen önümleriň ösüş depgini 107,9 göterim ýerine ýetirildi. Dokma senagaty ministrligi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, nah ýüplügiň öndürilişi 134,3 göterime, nah matalar 129,8 göterime, tikin we trikotaž önümleri 114,7 göterime, gön önümleri 107,7 göterime barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 119,9 göterim ýerine ýetirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe 172 birža söwdasy geçirilip, 21 müň 92 şertnama hasaba alyndy. Söwda-senagat edarasy boýunça şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe sergileriň 11-si hem-de maslahatlaryň 33-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 167,9 göterime hem-de senagat önümleriniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüşi 112,7 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 111,2 göterim, ýük dolanyşygy boýunça meýilnama bolsa 109,2 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 111,2 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 133,5 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 120 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 113,7 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 107,5 göterime barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň