Soňky habarlar

Arhiw

Begenç Akmämedow we Didar Durdyýew iň netijeli oýunçylaryň sanawynyň öňüni çekýärler

10:2513.08.2022
0
6372

«Köpetdagyň» ýarymgoragçysy Begenç Akmämedow we «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew 3-nji tapgyrdan soň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň şu ýylky möwsüminde iň köp pökgi geçirenleriň sanawynyň öňüni çekýärler. Oýunçylaryň ikisiniň hasabynda hem 5 gol bar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, üçünji tapgyrda Begenç Akmämedowyň het-trigi (61-nji, 79-njy we 81-nji minut) «Köpetdagyň» «Nebitçi» bilen bolan oýunda «kembek» amala aşyrmagyna kömek edipdi (3:2). Şeýlelikde Akmämedow futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2022-nji ýylky möwsüminde ilkinji het-trigiň awtory boldy. Mundan başga-da, ol ozalky tapgyrda hem özüniň dubly bilen «Köpetdagyň» «Aşgabatdan» üstün çykmagyna uly goşant goşupdy (2:1).
«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew bolsa futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň bu möwsüminde het-trik eden ikinji oýunçy boldy. Ol düýn «Ahalyň» 8-0 hasabynda ýeňiş gazanan oýnunda «Energetigiň» derwezesine üç gol (16-njy, 33-nji, 51-nji) urdy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň