Türkmenistanyň Prezidentiniň atasy Mälikguly Berdimuhamedow hatyralandy

23:1712.08.2022
0
3067

Şu gün Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-nji harby bölüminiň medeniýet öýünde, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesiniň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mähriban atasy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mährem kyblasy, Watanyň wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyň nusgalyk ömür ýoluna bagyşlanan maslahatlar geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, şu gün öz manyly ömrüni ýurda, il-güne hyzmat etmäge bagyşlap, ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezen Watanyň wepaly ogly, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany, içerki gullugyň podpolkownigi Mälikguly Berdimuhamedowyň doglan gününe 90 ýyl dolýar. Şeýle günde bu beýik ynsany hatyralap geçirilen çäreler onuň ýagty ýadygärligine gül desselerini goýmak bilen başlandy. Maslahatlarda Mälikguly Berdimuhamedowyň belent adamkärçilik häsiýetleri, asylly işleri, nesillere nusgalyk ömri we zähmet ýoly hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Onuň döreden ajaýyp goşgularynyň watansöýüji, zähmetsöýer, il-güne wepaly nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti barada aýratyn nygtaldy.

Maslahatlarda çykyş edenler peder ýoluny mynasyp dowam etdirip, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň, türkmen halkynyň, tutuş adamzadyň bähbidine beýik ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň