Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentine Koreýanyň iň baýry we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Songýungwan Uniwersitetiniň Hormatly doktory ady dakyldy

23:2713.04.2015
0
8179

13-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentine Koreýanyň iň baýry we abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biriniň —  Songýungwan Uniwersitetiniň Hormatly doktory adyny dakmak dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli bu ýere Koreýa Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň, uniwersitetiň professor-mugallymlar düzüminiň wekilleri, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary ýygnandylar.

Uniwersitetiň alymlar geňeşiniň başlygy ýygnananlary Türkmenistanyň Prezidentiniň giň möçberli ylmy işi bilen tanyşdyrdy. Türkmen Lideriniň başlangyjy bilen hem-de ýolbaşçylygynda türkmen ylmyny täze belentliklere çykarmaga we bu ulgamda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Uniwersitetiň alymlar geňeşiniň agzalary tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen we koreý halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin, ylym we bilim ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde görkezen beýik hyzmaty mynasybetli “Songýungwan uniwersitetiniň Hormatly doktory” diýen alymlyk derejesini gowşurmak hakynda kabul eden çözgüdi aýratyn dabaraly ýagdaýda yglan edilýär.

Dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň elçarpyşmalary bilen uniwersitetiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentine Hormatly doktoryň mantiýasyny geýdirýär we degişli diplomy gowşurýar.

Türkmen Lideri ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, 600 ýyllyk taryhy bolan we Aziýanyň iň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hatarynda durýan Songýungwan uniwersitetiniň  Hormatly doktory diýen belent adyň berilmegi mynasybetli minnetdarlygyny beýan etdi.

“Men bu waka Türkmenistana goýulýan hormat-sarpa, ýurdumyzyň ylym we bilim ulgamynda gazananlarynyň ykrarnamasy, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň halklarynyň dostlugynyň nyşany hökmünde garaýaryn” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Giň halkara ylym we bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistan innowasiýa tehnologiýalaryny döretmek ulgamynda, nou-haulary ulanmakda we beýleki dürli ulgamlarda Koreýanyň tejribesini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ylmy bileleşikleriň, uniwersitetleriň we iki ýurduň pudaklaýyn ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak barada aýtmak bilen, türkmen Lideri iri okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag merkezleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklaryň saklanmagy häzirki zaman bilimlerini alyşmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, uzakmöhletleýin bilelikdäki ylmy işleri geçirmekde ygtybarly binýada öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Songýungwan uniwersitetiniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak baradaky pikiri aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow biziň birek-birekden öwrenere zadymyz köp hem-de bu babatda bilelikdäki bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek netijelidir we zerurdyr diýip nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda alyşmalary giňeltmek baradaky gürrüňi dowam etmek bilen, Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylygy bilen şu gün geçirilen gepleşikleriň ähmiýetine ünsi çekdi, olaryň barşynda Koreýa uniwersitetlerinde bilim alýan türkmen talyplarynyň sanyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Biz öz nobatymyzda Koreýanyň Türkmenistanyň baý taryhyny we medeniýetini, onuň daşary we içeri syýasatyny öwrenmek bilen meşgullanýan talyplaryny hem-de mugallymlaryny kabul etmäge taýýardyrys diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

***

Songýungwan uniwersiteti Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda öňdäki orny eýeleýär. Bu ýerde 36 müňden gowrak talyp okaýar, ýarym geçirijiler hem-de maglumat- aragatnaşyk tehnologiýalary, işewür dolandyryjylar hünärleri boýunça  ýokary derejeli işgärler taýýarlanylýar. Dünýäniň 50 ýurdunyň okuw mekdepleriniň 550-si bilen ýakyn ylym-bilim gatnaşyklaryny saklap, bu uniwersitet mugallymlary we talyplary alyşmak boýunça maksatnamalara işeňňir gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň