Soňky habarlar

Arhiw

«Ryanair» arzan uçuş petekleriniň eýýamynyň tamamlanandygyny yglan etdi

14:0412.08.2022
0
1131
«Ryanair» arzan uçuş petekleriniň eýýamynyň tamamlanandygyny yglan etdi
Surat: lenta.ru

Irlandiýanyň «Ryanair» awiakompaniýasy indiden beýläk bahasy 1 we 10 ýewrolyk bolan gatnaw ugurlaryna petekleriniň satuwyny bes edýändigini habar berdi. Bu barada howa gatnadyjysynyň ýerine ýetiriji direktory Maýkl O’Liri BBC ýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, «MIR 24» ýazýar.

O’Liriniň sözlerine görä, öňdäki bäş ýylyň dowamynda awiakompaniýanyň howa gämilerinde uçuşyň bahasy takmynan 40-dan 50 ýewro çenli gymmatlar.

«Bazarda biziň nyrhlarymyzyň iň arzan bolandygyna hiç hili şübhe bolup bilmez— olar 0,99 we 9,99 ýewro aralykdady» diýip, O’Liri nygtady.

Ol nyrhlaryň gymmatlamagyny ýangyjyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrdy we muňa garamazdan, syýahatçylaryň mundan beýlägem uçuşlary dowam etjekdigine umyt bildirdi.

«Ryanair» kompaniýasynyň düýp-edarasy Dublinde ýerleşip, ol her gün Ýewropa boýunça gatnawlaryň 1600-syny amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň