Soňky habarlar

Arhiw

Hazar deňzinde halas ediş güýçleriň türgenleşikleri geçirildi

11:0112.08.2022
0
4957
Hazar deňzinde halas ediş güýçleriň türgenleşikleri geçirildi
Surat: korabel.ru

Hazar deňziniň demirgazyk böleginde deňizde kynçylyk çekýän adamlary gözlemek we halas etmek, deňiz hadysalarynyň hem-de nebit önümleriniň zyýanly galyndylaryny ýok etmek boýunça halkara okuw-türgenleşik geçirildi.

«Hazar — 2022» ady bilen iki tapgyrda geçirilen türgenleşige Hazarýaka ýurtlaryň — Türkmenistanyň, Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň halas ediş gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy diýip, Russiýanyň Deňiz we derýa ulaglary federal gullugy habar berýär.

Her ýyl geçirilýän şeýle halkara türgenleşikleriň esasy maksady halas ediş gämileriň ekipažlarynyň hereketlerine gözegçilik etmek, dessin gulluk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek, şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş gulluklarynyň işini amala aşyrmaga taýýarlygy güýçlendirmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň