Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti özbek hünärmentçiligi bilen tanyşdy

18:4011.08.2022
0
1620

Türkmen wekiliýetiniň agzalary Özbegistanyň Buhara şäherindäki Modarihon medresesine baryp gördüler hem-de ol ýerde özbek milli hünärmentçiligi bilen tanyşdylar. Bu barada yuz.uz saýty habar berýär.

Türkmen wekiliýeti ilki bilen bu ýerde «Işe geliň!» monomerkeziniň gurluşy we alyp barýan işleri, onuň häzirki amala aşyrýan taslamalary hem-de geljekdäki maksatnamalary bilen tanyşdyryldy. Wekiliýetiň agzalary bu ýerdäki hünär öwretmäge ýöriteleşdirilen otaglarda bolup, ol ýerde öwrenijiler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandylar.

Maglumat üçin ýatlatsak, «Işe geliň!» monomerkezleri Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň degişli Karary bilen açylan hünär mekdepleridir. Olary döretmekde esasy maksat işe zerurlyk çekýän raýatlara hünär öwretmek, daşary ýurt dillerini okatmak hem-de bellenilen tertipde daşary ýurtlara zähmet sapary bilen barýan raýatlara geljekki hünärine öňünden uýgunlaşdyrmakdan, degişli goldawy bermekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň