Soňky habarlar

Arhiw

177 ýyl mundan öň şahyr Abaý Kunanbaýew dünýä indi

17:4411.08.2022
0
1400
177 ýyl mundan öň şahyr Abaý Kunanbaýew dünýä indi
Surat: ТАСС

Beýik gazak şahyry, magaryfçy we jemgyýetçilik işgäri Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 177 ýyllygy dogduk Watanynda baýram edilýär. Respublikada spektakllaryň görkezilişi, sergiler, söz ussadynyň döredijiligi we ömri barada şygyr bäsleşikleri geçýär diýip, «MIR 24» ýazýar.

Kunanbaýewiň döredijiligi barada mundan iki ýyl öň ýurduň Prezidentiniň başlangyjy boýunça açylan Abai TV teleýaýlymynda ýörite gepleşikler berildi.

Gazagystanlylary şahyryň mirasy bilen mekdepden başlap tanyşdyrýarlar. Abaýyň pikirleri häzir hem ýörgünli, olaryň käbiri Gazagystanyň döwlet dolandyrylyşynda ýörelge hökmünde saýlanyp alyndy.

«Beýik şahyr milleti bitewülige we adalatly jemgyýeti gurmaga çagyrypdyr. Biziň teklip edýän «Eşidýän döwlet» konsepsiýamyz onuň ýörelgeleriniň dowamydyr. Meseleleriň çözgüdini döwlet we raýatlar tarapyndan bilelikde gözlemek— siwilizlenen jemgyýetiň alamatydyr» diýip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Abaýyň eserleri 115 dile terjime edildi.

Bu gün ýurtda şahyryň şahsyýetini, filosofik pikirlerini we mirasyny öwrenýän aýratyn institut hereket edýär. Onuň ady kitaphanalara, mekdeplere, dag belentliklerine, teatrlara, uniwersitetlere we köçelere dakyldy, şu ýyl Gazagystanda Abaý oblasty hem peýda boldy.

Gazak şahyrynyň heýkelleridir ýadygärlikleri dünýä paýtagtlarynda dikildi, geçen ýyl Stambulda Abaýyň meýdançasy açyldy. Berlinde, Parižde we Seulda Abaýyň ýadygärlikleri bar. Şu ýyl olaryň sanawyna Tbilisi, Bişkek we Nýu-Deli hem goşuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň