Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgenç etrabynda haly önümhanasy bina ediler

17:0311.08.2022
0
1669

Daşoguz welaýatynda hem ýerli çig malyň binýadynda täze kärhanalary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna, gaýtadan işleýän senagatyň ösüşini has-da işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksanamasyna laýyklykda, haly kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak we bu milli sungaty ösdürmek maksady bilen, Köneürgenç etrabynda haly önümhanasyny gurmak meýilleşdirilýär. 2028-nji ýyla çenli welaýatda öndürilýän pagta süýüminiň, nah ýüplüginiň, halylaryň we haly önümleriniň, örülen, tikin we jorap önümleriniň möçberi ep-esli artdyrylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň