Soňky habarlar

Arhiw

Moldawiýa gije odun daşamaga gadaganlyk girizdi

16:4511.08.2022
0
1439

Moldawiýada energetiki kynçylyk zerarly odun gymmatlady, ony ýurduň çäginde gije daşamak gadagan edildi diýip, TASS habar berdi.

Respublikanyň hökümetindäki adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komissiýanyň kararynda gije 23:00-dan ir 06:00-a çenli odun daşamagyň gadagan edilýändigi aýdylýar.

Ýurduň «Moldsilwa» döwlet tokaý hojalygy wekilhanasynyň taýýarlanan we satylan odunyň hasabaty, onuň gorlarynyň saklanýan ýerleriniň gözegçiligi bilen meşgullanjakdygy bellenýär.

Karara görä, odun we ýangyç diňe raýatlara we döwlet edaralaryna satylar we ol her hojalyga 3 kubmetrden artyk bolmaz.

Respublikanyň Ekologik ösüş boýunça gaznasynyň Prezidenti Dmitriý Roýbu ýurduň tokaýlaryň gözegçiliksiz we bitertip çapylmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy. Şeýle-de raýatlaryň öňde duran gyşa odun goruny edinýändigi habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň