Soňky habarlar

Arhiw

Halkara howpsuzlygy boýunça maslahata 35 ýurduň goranmak ministrleri gatnaşar

12:3111.08.2022
0
1126
Halkara howpsuzlygy boýunça maslahata 35 ýurduň goranmak ministrleri gatnaşar
Surat: TASS

Öňde duran halkara howpsuzlygy boýunça X Moskwa maslahatyna dünýäniň dürli döwletleriniň goranmak ministrleriniň 35-si gatnaşmakçydyklaryny tassykladylar. Bu barada «Izwestiýa» ýazýar.

Maslahata ministrleriň 25-siniň göni, 10-synyň wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşjakdygyny habarda aýdylýar. Maslahata gatnaşjaklaryň arasynda 6 sany halkara guramasynyň wekilleri hem bar.

Maslahatda strategiki howpsuzlygyň meseleleri, şol sanda Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde, Afrikada, Ýakyn Gündogarda, Latyn Amerikasy döwletlerinde we Ýewropa yklymynda howpsuzlyk ara alnyp maslahatlaşylar.

Halkara howpsuzlygy boýunça X Moskwa maslahaty 16-njy awgustda geçer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň