Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti koreý tälimçisini we welosipedçilerini Olimpiýa şäherjiginiň binýadynda türgenleşik geçmek üçin Aşgabada çagyrdy

11:2113.04.2015
0
4366

Türkmenistanyň Prezidenti sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlydygy barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti şol gün säher bilen adaty endigine eýerip, irki sport maşklaryny ýerine ýetirdi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda watandaşlarymyza hemişe şahsy görelde görkezip, bu endigini daşary ýurtlara saparlarynda hem unutmaýandygyny bellemeli.

Döwlet Baştutany 12-nji aprelde säher bilen myhmanhananyň ýakynynda ýerleşýän  köpugurly sport toplumyna bardy we ýolugra künjegiň gözelligine syn etdi. Şu pursatda stadionyň «Tegu Mançon» welodromynda bu ýurduň  «Tegu kwanýok» welosipedçiler toparynyň türgenleri türgenleşik geçýärdi. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedçileriň tälimçisi Kim Hýon Il bilen söhbetdeş boldy.

Tälimçi Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Söhbetdeşligiň barşynda ol Türkmenistan barada köp zatlary bilýändigini we sport hereketiniň yzygiderli ösdürilýändigini ruhubelentlik bilen gürrüň berdi.

Koreýaly welosipedçileriň tälimçisiniň belleýşi ýaly, 2017-nji ýylda türkmen paýtagtynda — ak mermerli Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlaryna şu günlerden taýýarlyk işlerine girişendiklerini hem-de Türkmenistanda geçiriljek halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek ugrunda hemmetaraplaýyn tagallalary edýändiklerini barada Türkmenistanyň Prezidentine gürrüň berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sporty hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda ähli çäreleriň görülýändigini aýdyp, Aşgabatda sebitde iri, köpugurly Olimpiýa şäherjiginiň gurulýandygyny, onda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleşik geçirmek, halkara derejesindäki ýaryşlary guramak üçin ähli şertleriň döredilýändigini, sport toplumynyň döwrebap sport enjamlary bilen üpjün edilýändigini belledi we koreý tälimçisini we onuň tälim berýän türgenlerini sport toplumynda türgenleşik geçmek üçin türkmen paýtagtyna çagyrdy.

Döwlet Baştutany welosipedçiler we olaryň tälimçisi bilen söhbetdeş bolup, Olimpiýa şäherjiginde ähli desgalaryň iň täze sport enjamlary bilen enjamlaşdyrylandygyny, sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryny geçirmek, şeýle hem türgenleşikler üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi. Söhbetdeşligiň dowamynda milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, Aşgabatda koreý türgenleriniň türgenleşik geçmek üçin ähli şertler dörediler, olaryň biziň ýurdumyzda bolmagy özara peýdaly tejribeleri alyşmaga ýardam eder. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň