Günorta Koreýada ýedi adam çabganyň pidasy boldy

16:4910.08.2022
0
1118

Seulyň özünde we eteklerinde güýçli çabga ýagynlarynyň netijesinde ýedi adam pida boldy, alty adam dereksiz ýitdi diýip, Günorta Koreýanyň «Ýonhap» habarlar gullugy habar berdi. Bu barada «Trend» ýazýar.

Resmi maglumatlara görä, ýene dokuz adam dürli derejede şikes aldy. Paýtagtda we oňa golaýdaky şäherlerde öýleri, binalardyr ulag serişdelerini hem-de metro duralgalaryny suw basdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň