Bred Pitt hiç haçan surata düşmejek aktýorlarynyň sanawyny ýöredýär

14:4810.08.2022
0
1303

Meşhur aktýor Bred Pitt özüniň hiç haçan bile kino surata düşmek islemeýän kärdeşleriniň sanawyny ýöredýär, bu barada «Mirror» neşiri aktýor Aaron Teýlor-Jonsonyň sözlerine salgylanyp habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Aaron Teýlor-Jonson bu barada Pitt bilen bilelikde surata düşen «Okdan ýyndam» atly film bilen bagly söhbetdeşlikleriniň birinde gürrüň beripdir.

Bred Pitt Golliwudda ilkinji gezek 24 ýaşynda kino surata düşdi. Onuň iň meşhur filmleri «Uruşganlar kluby», «Wampir bilen söhbetdeşlik», «Jenap we hanym Smitler», «Bir gezek Golliwudda» we «Benjamin Battonyň syrly taryhy» bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň