Soňky habarlar

Arhiw

Psiholog söhbetdeşlikde ýalany nädip anyklap boljakdygyny gürrüň berdi

13:1310.08.2022
0
2465

Russiýaly psiholog-lukman Anastasiýa Natalewiç özara gürrüňdeşlikde ýalany nädip aňlap boljakdygyny gürrüň berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Onuň sözlerine görä, özara gürrüňdeşlik wagtynda diňe bir söhbetdeşiň näme sözleýändigine däl-de, eýsem, ýüz-keşbine we yşaratlaryna üns bermek gerek.

Mysal üçin, ýalan sözleýän adam, köplenç, nazaryny gapdala sowýar we ýapyk görnüşde oturýar diýip, hünärmen nygtady. Galyberse-de, ýalanyň nyşanlary sowuklyk ýa-da çakdanaşa duýguçyllyk bolup biler. Onsoňam gürrüňdeşiňiz ýa-ha haýal, ýa-da göýä söhbeti tizräk jemlemek isleýän ýaly, gyssanmaç sözlär.

Öň psiholog Fransin Toder bikärligiň saglyk üçin peýdalydygyny gürrüň beripdi. Onuň aýtmagyna görä, şeýle dynç alyş arterial gan basyşyny peseldýär, myşsalaryň dartgynlylygyny gowşadýar we ünsi gowulandyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň