Soňky habarlar

Arhiw

«Hekem» kärhanalar topary konsalting we hukuk hyzmatlaryny hödürleýär

12:3310.08.2022
0
8188

«Hekem» kärhanalar topary («Hekem», «Hekem Audit» we «Adyl Hekem») auditorlyk, gozgalmaýan emläk, bahalandyrma, terjime, şeýle-de hukuk maslahaty ýaly ýokary derejeli hyzmatlaryň giň toplumyny müşderilere ýetirýär.

«Hekem Audit» hususy kärhanasy şertnamalaýyn esasda kärhanalaryň maliýe we hojalyk işlerine hökmany hem-de işjeň audit geçirýär, auditorlyk işiniň profiline laýyklykda bir ýylyň dowamynda indiki audit bilen ýylyň netijeleri boýunça tölegsiz hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Kärhananyň hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen müşderiler maliýe we statistiki hasabaty taýýarlamak; buhgalterçilik hasabaty we buhgalterçilik hasabatyny guramakda maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak; salgyt salmak, şeýle-de maliýe we hojalyk işleriniň beýleki meseleleri boýunça maslahatlary alyp bilýärler.

Mundan başga-da, müşderiler maliýe we hojalyk işleri hem-de salgyt ulgamynyň kanunçylygy barada ýazmaça we dilden maslahat alyp bilerler.

«Hekem» kärhanalar toparynyň hyzmatlar toplumyna hasabat syýasatyny, maliýe hasabatlylygyny, buhgalterçilik we salgyt maslahatlaryny bermek işini saýlamak we işläp taýýarlamak girýär. Hünärmenler müşderini salgyt gullugynda hödürlemek bilen, salgyt beýannamasyny taýýarlap berip bilerler.

«Hekem» kärhanalar toparynyň ýetirýän ýardamy iri kompaniýalar we işewürlik edaralary, şeýle hem başlangyç kärhanalar we ýuridiki taraplar üçin möhümdir.

Bulardan başga-da, «Hekem» telekeçiligi, ýaşaýyş we täjirçilik emläklerini, ulaglary, enjamlary, maddy däl aktiwleri bahalandyrmak hyzmatlaryny ýerine ýetirýär hem-de girew goýmak maksady bilen emlägi bahalandyrmak we MHHS-niň maliýe hasabatlylygy maksatlaryna baha bermek hyzmatlaryny hödürleýär.

«Hekemde» gozgalmaýan emläk boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet synaglaryny geçen tejribeli hünärmenler zähmet çekýärler.

«Hekem» kärhanalar toparynyň hukukçylary we gozgalmaýan emläk boýunça hünärmenleri gozgalmaýan emlägi satyn almak, satmak hem-de kärendesine almakda geleşikleri gazanmagyň howpsuzlygyny üpjün edýärler.

Kärhana şeýle-de terjimeçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen, bu ugurda Türkmenistanda 10 ýyldan gowrak wagt bäri öňdebaryjy kärhanalaryň biri hökmünde iş alyp barýar. Terjimeçilik işinde kärhananyň hünärmenlerine resminamalaryň we beýleki materiallaryň ýazuw terjimesini sargyt edip bolýar, şunuň bilen birlikde hem bu ýerde olary tassyklamak işleri ýerine ýetirilýär. Bu hyzmatlarda maglumatlaryň goraglylygy, töleg etmegiň amatly görnüşi we terjimeleriň dessine ýerine ýetirilip berilmegi kepillendirilýär. Terjimeler üçin sargytlar adaty görnüşde hem-de 24/7 iş tertibinde onlaýn kabul edilýär.

«Hekem» kärhanasynyň esasy maksady — müşderilere ýokary derejeli hyzmatlary has oňaýly görnüşde ýetirmekdir.

«Hekem» kärhanalarynyň hyzmatlary Aşgabat şäheriniň çäginde we ýurduň welaýatlarynda hödürlenilýär. Ýerine ýetirilýän işleriň tölegi nagt hem-de nagt däl görnüşde kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin:

  • Aşgabat ş., 10 ýyl abadançylyk köçesi, 98-nji jaý;
  • Aşgabat ş., Görogly köçesi, 46-njy jaý («Watan» kinokonsert merkezi);
  • Aşgabat ş., Görogly köçesi, 73-nji jaý;
  • Telefon belgileri: (+993 12) 47 82 54, (+993 12) 47 81 15, (+993 12) 47 88 52, (+993 12) 92 18 56, (+993 61) 57 40 72;
  • Elektron poçta salgysy: blbatyal59@inbox.ru
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň