Soňky habarlar

Arhiw

BAE-li işewür nah ýüplük satyn aldy

11:4910.08.2022
0
1084

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda BAE-niň wekili nah ýüplükleriniň dürli görnüşlerini satyn aldy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen önümiň jemi 30,1 müň kg. eksporta iberiler diýip, biržanyň resmi saýtynda habar berildi. Duşenbe güni baglaşylan şertnamanyň umumy bahasy 1,2 million manada deň boldy.

Ýeri gelende bellesek, geçen hepde Türkiýeden gelen işewür, umymy bahasy $167,7 müň bolan nah ýüplükleriň dürli görnüşini satyn aldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň