Daşary ýurt kompaniýalarynyň 77 göterimi Russiýadaky işewürligini saklap galdy

11:4710.08.2022
0
1113
Daşary ýurt kompaniýalarynyň 77 göterimi Russiýadaky işewürligini saklap galdy
Surat: BELTA

Daşary ýurt kompaniýalarynyň 77 göterimden gowragy Russiýa Federasiýasyndaky işewürligini ýapmakdan ýüz öwürdi. Bu barada ýurduň Döwlet Dumasynyň spikeri Wýaçeslaw Wolodin habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Syýasatçynyň aýtmagyna görä, girizilen çäklendirmeler bütin dünýäde hümmetsizlenmä we nyrhlaryň ýokarlanmagyna getirdi, emma şonda-da daşary ýurt işewürleri Russiýanyň bazaryny terk etmek islemeýärler. Wolodin ýurtda işleýän daşary ýurt kompaniýalarynyň 1382-siniň 77,6 göterimi RF-de işlemegini dowam edýär diýdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň