Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary günebakaryň topragyň şorlaşmagynyň öňüni alyp biljekdigi anykladylar

10:0510.08.2022
0
2731

Türkmenistanyň demirgazyk etraplarynda toprak şorlaşmasyny peseltmek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynda ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ylmy-barlag işi Daşoguz welaýatynyň çäklerinde dürli derejede şorlaşan topraklarda günebakaryň hasyllylygyna dökünleriň dürli kadalarynyň täsirini öwrenmek maksady bilen geçirildi. Bu barada «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

Bu ugurda ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan günebakary ösdürip ýetişdirmek boýunça ekerançylyk hojalyklary üçin usuly gollanma hem işlenilip taýýarlanyldy. Ylmy-barlag işinde günebakar ekilen ýerlere dökün bermegiň kadalaryny kesgitlemek üçin 4 sany synag meýdany döredildi we şolaryň 3-sinde döküniň dürli kadasy öwrenildi.

Synaglaryň mineral dökünler boýunça kadasy hasaplanyp düzülende, günebakaryň orta derejede şorlaşan toprakdan meýilleşdirilýän hasyly (18 sentner/gektar) bilen toprakdan alynýan iýmit maddalarynyň özara (N:P:K) gatnaşygy, mineral dökünleriň günebakar tarapyndan özleşdiriliş derejesi hem-de topragyň tebigy gurplulygynyň hasabyna öndüriljek hasylyň möçberi ýaly görkezijiler doly göz öňünde tutuldy.

Ylmy-barlag işiniň dowamynda günebakaryň ähli ösüş döwürleriniň depginine, ösümligiň biometrik görkezijilerine dökünleriň kadalarynyň edýän täsiri deňeşdirilip öwrenildi. Barlag wariant bilen deňeşdirilende, N100 P100 K70 we N150 P150 K90 wariantlarda sebetlikleriň diametri 17 santimetrden 22 santimetre deň boldy. Barlag wariantda bolsa, bu görkeziji 12 santimetre deň boldy.

Synag edilýän meýdanda günebakaryň hasyly ir bişip ýetişdi we hasylly sebetliklerde biometrik ölçegler alyndy. Şonda sebetligiň diametri, bir sebetlikdäki çigitleriň sany, 1000 çigidiň agramy ýaly görkezijiler hasaba alyndy we 1 gektar meýdandan alnan hasyllyk kesgitlenildi. Ýygnalyp alnan we haltalara ýerleşdirilen günebakar hasylynyň ýagy onuň çykymyny kesgitlemek üçin S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň ýag zawodynda gaýtadan işlenildi we ýagyň çykymy kesgitlenildi.

Geçirilen ylmy-barlag işiniň netijesinde:

  • Daşoguz welaýatynyň çäginde duş gelýän orta derejede şorlaşan topraklaryň melioratiw ýagdaýy gowulandy. Ikilenji şorlaşmanyň öňüni almakda günebakar ekinini ekmegiň oňyn täsiriniň bardygy ýüze çykaryldy.
  • Topraklaryň şorlaşmasyna biologik usulda göreş çäresiniň geçirilmegi esasynda topragyň tebigy önümliligi ýokarlandyryldy.
  • Günebakaryň iň ýokary ýag berijilik çykymy mineral dökünleriň ýokary kadasynda, ýagny N150 P150K90 synag meýdanynda hasaba alyndy. 1 tonna günebakar çigidinden 355 kilogram günebakar ýagy alyndy. bu görkeziji barlag wariant bilen deňeşdirilende, 105 kilogram ýokary netije berdi.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň