Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýeralmanyň täze sortlary ekiler

10:0110.08.2022
0
1520

Türkmenistana Russiýa Federasiýasyndan getirilen ýeralmanyň birnäçe sortlarynyň ýerli toprak-howa şertlerinde ösüşini we hasyllylygyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri geçirildi ― diýip, «Bereketli toprak» gazeti habar berýär.

«Ariel», «Žukowskiý», «Meşeriý», «Armada», «Udaça», «Guliwer», «Metlor», «Granada», «Wympel» we «Krepyş» sortundan bolan ýeralmalarynyň tohumlary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň synag-tejribe meýdançasynda ýazlyk ekilip, aýratynlykda olaryň ösüşine fenologiki gözegçilik işleri (ekilen möhleti, gögerip çykan wagty, köpçülikleýin gülleýän döwri, baldagynyň uzynlygy we ş.m.) alnyp baryldy.

Ýeralmanyň synag edilýän sortlarynyň baldagynyň uzynlygyny öwrenmek boýunça işler 4 gezek, ýagny birinji gezek 10-njy aprelde (uzynlygy ortaça 10 santimetr), ikinji gezek 20-nji aprelde (uzynlygy ortaça 20 santimetr), üçünji gezek 30-njy aprelde (uzynlygy ortaça 30 – 35 santimetr) we soňky, ýagny dördünji gezek 10-njy maýda geçirildi. Şol barlaglarda ýeralma tohumlarynyň synag edilýän sortlarynyň arasynda «Ariel», «Žukowskiý» we «Meşeriý» sortlary gowy görkezijilere eýe boldular (baldagynyň uzynlygy degişlilikde – 45, 30 – 55 we 50 – 57 santimetr). Önümçilik synaglary geçirilýän ýeralma sortlarynyň arasynda ýurdumyzyň ýerli toprak-howa şertlerinde, esasan, 3 sany – «Ariel», «Žukowskiý» we «Meşeriý» sortlary oňat ösüş almak mümkinçilikleriniň ýokarydygy bilen tapawutlandy.

Önümçilik synaglaryndaky ýeralma sortlaryny ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasynyň kadalaryny öwrenmek boýunça hem işler alnyp baryldy. Ýeralma ekilen meýdana suw tutmak işleri jemi 8 gezek amala aşyrylyp, onuň ilkinjisi 9-njy martda, ikinjisi 1-nji aprelde, üçünjisi bir hepde geçenden soňra, dördünjisi her iki hepdeden soňra, bäşinji we altynjy suwaryş işleri her on günden we ýedinji hem-de sekizinji suwaryş işleri bir hepdeden soň amala aşyryldy.

Tejribe-synag işleriniň dowamynda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda iki gezek dökünleme işleri geçirilip, olaryň birinjisi 21-nji aprelde amala aşyrylyp, her gektara 70 kilogram möçberinde azot döküni berildi. Dökünleme işleri ikinji gezek 17-nji maýda geçirilip, onda her gektara 70 kilogram hasabyndan ýene-de azot döküni berildi.

Daşary ýurtdan getirilen ýeralma sortlarynyň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine uýgunlaşmasyny öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işlerinde olaryň ösdürilýän ýerlerinde gabat gelýän haşal otlara garşy göreşmegiň çäreleri hem amala aşyryldy. Şu ýylyň 20-nji aprelinden başlap, her 10 günden bir gezek otag işleri geçirildi. Şonuň bilen birlikde, ýeralmanyň gowy hasyl toplamagyna ýardam bermek maksady bilen, aprel aýynyň aýagyna ýeralmanyň her düýbüniň aşagy gumlanyldy.

Umuman, alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri synag geçirilen ýeralmalaryň 10 sortunyň arasynda üç sortuň – «Ariel», «Žukowskiý» we «Meşeriý» sortlarynyň fenologiki barlaglaryň, alnyp barlan agrotehniki çäreleriň netijeleri boýunça tapawutly görkezijilere eýe bolandygyna, oňat hasyl toplaýandygyna şaýatlyk edýär. Synag edilýän ýeralma sortlarynyň arasyndan ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde oňat ösüp hem-de hasyl toplap biljek sortlarynyň kesgitlenilmegi, döwletimizde öndürilýän ýeralmanyň möçberini artdyrmaga, netijede, azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga özüniň mynasyp goşandyny goşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň