«Lezzetli miwe» HJ Russiýa 18 tonna şetdaly eksport etdi

09:5510.08.2022
0
1429

«Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýeti ýakynda 18 tonna şetdalyny Russiýa Federasiýasyna eksport etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Hojalyk jemgyýetine 200 gektar ýer berkidildi. Bu ýerde hünärmenleriň 50-ä golaýy işleýär. Hojalyk jemgyýetinde zähmet çekýän telekeçi daýhanlaryň Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň A.Tahyrow adyndaky daýhan birleşiginiň çäginden uzak möhlete peýdalanmak üçin bölünip berlen 200 gektar meýdany özleşdirip, eken miweli baglaryny göreniňde, munuň şeýledigine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. 250 müň düýpden gowrak miweli baglaryň birkemsiz boý alyp, getiren bol hasylyny bu gün görmäge göz gerek.

— Şu ýyl şetdalydan bol hasyl aldyk. Hasyly gündelik ýygyp, terligine içerki bazarlara ugradýarys. Şu ýylyň hasabyna hasylyň 100 tonnadan gowragyny daşarky bazarlara eksport etmegi meýilleşdirdik. Bu meýilnamany artygy bilen berjaý etmegimize mümkinçiligimiz bar. Sentýabr aýynda almadyr badam hem bişip ýetişip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygynda halkymyzyň toý saçaklaryny bezär.— diýip, «Lezzetli miwe» hojalyk jemgyýetiniň direktory Sapargeldi Dolyýew gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.

Şu ýerde hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzda ilkinji bolup badam miwesini ösdürip ýetişdirendigini-de bellemek gerek. Peýdasy hem ähmiýeti babatda dünýäniň oba hojalyk ekinleriniň arasynda möhüm orny eýeleýän badam islendik howa şertlerine çydamly bolansoň, türkmen topragyna hem tiz uýgunlaşypdyr. Telekeçiler badam miwesinden-de bol hasyla garaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň