Gökdepedäki gön zawodynda önümçilik ylma daýanýar

09:4010.08.2022
0
1102

Gökdepäniň gön zawodynda işleriň ylma daýanyp alnyp barylmagy önümçiligiň ilerlemegine we ýokary hilli gön önümleriniň öndürilmegine itergi berýär ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

«Has takygy, bu ýerde işler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary bilen alnyp barylýr. Munuň özi täzelik girizmekde iň netijeli we gysga usullaryň ulanylmagyny üpjün edýär. Kärhana uly bolmasa-da, ol hatda iri önümçilik düzümlerine-de çetin-endişe meseläni — öz serişdeleriniň hasabyna enjamlary täzelemek üçin maliýe-guramaçylyk işlerini öňräkden bäri geçirip gelýär» diýip, neşir ýazýar.

Geçen ýylda bu ýerde 40 müňe barabar dowaryň hem-de 20 müň töweregi sygryň derisi göne öwrüldi. Soňky ýyllarda kärhanada tikinçilik sehi hem-de ýüň bölümi döredildi, zawodda iş orunlary hem azyndan 45 göterim artdy, işgärleriň sany indi 64-e ýetdi. Häzir önümleriň 30 göterime barabary telekeçililere satylýar.

1995 — 1996-njy ýyllarda gurlan zawod, dürli sebäplere görä, tä 2015-nji ýyla çenli onçakly gowy işläp bilmändir. Onsoň daşary ýurtly hünärmenleriň hem başarmadyk endişesini — önümçiligi doly ýola goýmagy türkmen hünärmenleri öz üstüne alýar. Üýtgeşik maddy serişde çykarman, maliýe çykdajylary onçakly sarp etmän, öňki enjamlary işletmek üçin tejribeli we aýratyn ukyba eýe bolan işgärler gerek. Munuň üçin deri eýlemekde Aşgabatdaky we Marydaky önümçilikleriň tejribesi jikme-jik öwrenilýär. Şol ýerlerde oňat işläp, özüni tanadan hünärmenleriň zawoda ýolbaşçy we esasy tehnologik işlere çekilmegi, ýerli, özem döredijilik başarnykly ussalaryň hem şolara goşulmagy bilen zawod taslama kuwwatlygyna doly ýetdi. Şeýdibem geçen 6-7 ýylyň içindäki yzygiderliden köpugurly we düýplüden täzeçil öňegidişlikler gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň