Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

06:1113.04.2015
0
2741

12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda geçýän VII Bütindünýä suw forumyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Döwlet Baştutanlary türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary, döwletara gatnaşyklarynyň barşynda durmuşa geçirilýän ykdysady taslamalaryň barşy boýunça pikir alyşdylar. Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Diňe bir iki dostlukly ýurduň we halklaryň bähbidine däl, eýsem, özara peýdaly sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ösüş maksatlaryna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Şeýle hem taraplar elektroenergetika, söwda, nebitgaz senagaty we oba hojalygy ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bilelikdäki türkmen-täjik Hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini nygtadylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda taraplaryň köp meseleler boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny belläp, ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde, ekologiýa meselelerini çözmekde, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň möhümdigini nygtadylar. Täjigistanyň Baştutany hormatly Prezidentimiziň suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselelerini oňyn çözmek babatda öňe sürýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Türkmen Döwletiniň Baştutany täjik kärdeşini Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň