Soňky habarlar

Arhiw

Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berdi

06:0213.04.2015
0
2704

12-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Marokko Patyşalygynyň Premýer-ministri Abdelila Benkiran bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Premýer-ministr Abdelila Benkiran Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna ýokary baha berip, onuň Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň möhüm şertidigini belledi. Şeýle hem Marokko

Patyşalygynyň Hökümetiniň Baştutany Türkmen döwletiniň Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürýän we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ykdysady, durmuş hem-de ekologiýa meseleleriniň çözgüdiniň çäklerindäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen döredijilikli halkara başlangyçlaryny doly goldaýandygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň doly möçberli döwletara gatnaşyklaryny ýola goýmaga bolan gyzyklanmalary aýan edildi we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň