Soňky habarlar

Arhiw

Ärdogan «Togg» atly türk elektrik ulagyny synagdan geçirdi

15:5209.08.2022
0
939
Ärdogan «Togg» atly türk elektrik ulagyny synagdan geçirdi
Surat: trend.az

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sosial ulgamlarda «Togg» atly täze türk elektrik ulaglarynyň synagy bilen bagly wideogörnüşleri ýerleşdirdi diýip, «Anadolu Ajansi» habarlar gullugy habar berýär.

Türk döwletiniň Baştutany Hojali ülkesinde ýerleşýän Gebze ylmy-tehnologiýa jülgesine baryp gördi we türk elektrik ulagynyň ruluna geçdi.

«Togg» kysymly ulaglaryň köpçülikleýin önümçiligine şu ýylyň aýagynda başlamak meýilleşdirilýär, eýýäm geljek ýylyň birinji çärýeginde ulagyň SUV segmentdäki kysymy bazara çykarylar. Soňra elektrik ulaglaryň Sedan we Hatchback kysymlaryny öndürmek meýilleşdirilýär.

B-SUV we C-MPV kysymlaryny hem goşmak bilen, ulagyň jemi bäş kysymyny öndürmek meýilleşdirilýär.

2030-njy ýyldan başlap, türk elektrik ulaglarynyň her ýyl 1 millionynyň öndüriljekdigi habarda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň