Soňky habarlar

Arhiw

Ýeriň gabygynda kislorodyň näbelli çeşmesi tapyldy

12:5709.08.2022
0
2743
Ýeriň gabygynda kislorodyň näbelli çeşmesi tapyldy
Surat: mir24.tv

Nýukasl uniwersitetiniň alymlary fotosintezden öňinçä ýaşaýşyň ewolýusiýasyna täsir eden kislorodyň çeşmesini tapdylar. Barlaglar kislorodyň geologik jaýryklaryň hereketi wagtynda dag jynslarynyň astynda emele gelip biljekdigini görkezdi. Bu barada «Nature Communications» neşiri ýazdy diýip, «MIR 24» habar berýär.

Ylmy-barlagçylaryň topary Ýeriň gabygynda öň bolup geçen ýagdaýlary dikeltdiler. Olar laboratoriýa şertlerinde graniti, bazalty we peridotiti pytratdylar. Soňra olary kislorodsyz suwda ýerleşdirdiler we dürli temperaturalaryň täsirine sezewar etdiler.

Synag suwuň gaýnamasyna golaý bolan gyzgynlykda wodorodyň öteturşusynyň, aýratyn-da kislorodyň öteturşusynyň belli bir möçberiniň emele gelýändigini görkezdi. Alymlar şeýle gyzgynlykda käbir mikroblaryň — gipertermofilleriň ýaşap biljekdigini belleýärler.

«Bu wodorodyň öteturşusynyň emele gelmegini aňrybaş derejede artdyryp boljak ýokary gyzgynlygyň ýaşaýyş üçin wajyplygyny görkezýän ilkinji barlaglardyr» diýip, ylmy işiň esasy awtorlarynyň biri Jordan Stoun nygtaýar.

Alymlar öz öwrenen prosesleriniň gadymy Ýeriň gyzgyn we seýsmiki taýdan işjeň sebitlerinde himiýa we mikrobiologiýa täsir edip biljekdigini aýdýarlar, hut şol ýerlerde hem ilkibaşda ýaşaýyş emele gelipdir diýlip çaklanylýar. Şol bir wagtda-da alymlar topary wodorodyň ýokary derejedäki öteturşusynyň ýaşaýyş üçin howply bolup biljekdigini, emma onuň ilkinji kiçibedenler üçin kislorodyň çeşmesi bolup hyzmat edip biljekdigini belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň