Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen gazyny Azerbaýjana geçirjek turbageçirijiniň gurluşygy tamamlanýar

18:0208.08.2022
0
2155

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýolbaşçylary Hazar deňziniň boýunda gurulýan esasy gaz geçiriji taslamanyň tamamlaýjy tapgyrdadygyny mälim etdiler. Bu taslama Eýranyň Türkmenistan bilen alyş-çalyş Şertnamasy boýunça Azerbaýjana gaz ibermek meýilnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň bölüminiň başlygy Mohammad Reza Joulaýi ýekşenbe güni Raşt-Çelawand turbageçirijisiniň ýakyn günlerde gaz geçirmäge taýýar ediljekdigini aýtdy diýip, PressTV agentligi habar berdi. Şeýle-de ol 150 kilometrlik gaz geçirijiniň Eýranyň Azerbaýjan bilen gaz üpjünçiliginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.

Raşt-Çelawand gaz geçirijiniň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişildi. Bu taslama Eýranyň demirgazygyndaky sowuk sebitlerde gaz geçiriji ulgamy döretmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.

Ýeri gelende bellesek, bu taslama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan — Eýran — Türkmenistan üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy Şertnamasyna gol çekileninden soňra işjeňleşdirildi. Bu Şertnama 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilip, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi. Resminama laýyklykda, ýylda 2 milliard kubmetre çenli türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmak göz öňünde tutulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň