Soňky habarlar

Arhiw

Ykdysadyýetçiler köp gazanmak üçin kimler bilen dostlaşmalydygyny anykladylar

16:3308.08.2022
0
1617
Ykdysadyýetçiler köp gazanmak üçin kimler bilen dostlaşmalydygyny anykladylar
Surat: afisha.london

Haçan-da garyp çagalar ýokary üpjünçilikli maşgalada terbiýelenýän deň-duşlary bilen dost bolsalar, olaryň geljekde has köp girdeji gazanmak mümkinçiligi artýar. Garward, Stenford we Nýu-Ýork uniwersitetlerinden bolan ykdysatçylar topary şeýle netijä geldi. Bu barada makala «Nature» neşirinde çap edildi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Alymlar 72 million internet sosial ulgamdan peýdalanyjylaryň maglumatlaryny seljerdiler, şeýle hem olaryň 21 milliard sany dostluk gatnaşyklaryny öwrendiler. Olar şunda çaga durmuşda öňe gitmäge mümkinçilik berýän maşgala girdejisi, maşgalanyň gelip çykyşy, bilim derejesi, kär we ýaşaýan etraby ýaly ýagdaýlary hasaba aldylar. Netijede, çagalykdan has barly maşgalalar bilen gatnaşmagyň geljekde girdejiniň ýokary bolmagynyň esasy sebäpleriniň biridigi anyklandy, bu, hususan, garyp maşgalalardan bolan çagalar babatda şeýledir. Ýekelli ene ýa-da kaka tarapyndan terbiýelenmeginiň çaganyň geljekde girdejisine we ykdysady ýagdaýyna ýaramaz täsir edýändigi barada netijä gelindi.

Eger pes durmuş-ykdysady derejeli maşgaladan çykan çaga 70 göterimden gowrak derejede baý maşgalalardan bolan çagalar bilen dostlaşsa, onuň geljekde girdejisi baý dostlary bolmadyk deň-duşlarynyňdan 20 göterim ýokary bolar.

Ylmy-barlagçylar baý maşgalalardan bolan çagalar bilen dostlaşmak çaganyň baýlyga ymtylyşyny ylhamlandyrýandygyny, olaryň işe ýerleşmek babatda has ýokary mümkinçiliklere eýe bolup biljekdigini nygtaýarlar. Emma maşgalanyň öz täsirini hem aradan aýryp bolmaz, mysal üçin, girdejisi pesräk bolan adamlaryň çagalarynyň oňat geljegi üçin has köp tagalla etmegi-de geljekde çagalaryň oňat durmuşyny üpjün edip biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň