WSJ: Ýewropa rus gazy üçin Aziýa bilen bäsleşmeli bolar

10:5908.08.2022
0
1230
WSJ: Ýewropa rus gazy üçin Aziýa bilen bäsleşmeli bolar
Surat: interfax.ru

Ýewropa, eger golaýlap gelýän gyş pasly bilen baglylykda ýagdaý ýitileşse, rus tebigy gazy üçin Aziýa bilen bäsleşmeli bolar. Bu barada «RIA Nowosti» habarlar gullugy «Wall Street Journal» gazetine esaslanyp habar berdi.

«Hatda rus suwuklandyrylan gazynyň daşalmagy babatda-da bökdençlikler bolup biler. Hytaýda koronawirus çäklendirmelerinden soň emele gelen ykdysady galkynyş ýa-da Aziýadaky bolup biläýjek sowuk gyş Ýewropa üçin suwuklandyrylan gazyň eksporty babatda göreşe sebäp bolar, bu bolsa öz nobatynda nyrhlaryň mundan buýanky gymmatlamagyna getirer» diýip, gazetde çap edilen makalada aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň