Soňky habarlar

Arhiw

Putin we Ärdogan rus gazy üçin rublda bölekleýin hasaplaşmak barada ylalaşdylar

12:3508.08.2022
0
3297
Putin we Ärdogan rus gazy üçin rublda bölekleýin hasaplaşmak barada ylalaşdylar
Surat: ria.ru

Russiýa Federasiýasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleri Wladimir Putin hem-de Rejep Taýyp Ärdogan rus gazynyň tölegi babatda bölekleýin rublda hasaplaşmak boýunça ylalaşyga geldiler. Bu barada RF-niň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Nowak beýanat berdi diýip, «TASS» ýazdy.

Nowagyň aýtmagyna görä, iki ýurduň Liderleri Türkiýä rus gazyny eltmek barada ylalaşdylar. Ankara Moskwadan ýeterlik derejede köp möçberde rus gazyny satyn alýar, ol ýylda 26 milliard kub metre deňdir. Gepleşikler wagtynda Putin we Ärdogan türk tarapynyň eltilýän rus gazynyň belli bir bölegi üçin rus milli pulunda hasaplaşmak barada ylalaşyga geldiler. Nowak şeýle-de Ankara bilen Moskwanyň özara hasaplaşyklary kem-kemden milli pullara geçirýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Wise-premýeriň aýtmagyna görä, iki ýurduň Prezidentleriniň ykdysadyýetdäki gatnaşyklary täze derejä çykarmak boýunça ylalaşdylar, gürrüň senagat, IT-tehnologiýalar, ulag pudagy, oba hojalygy, energetika, jahankeşdelik barada barýar. Bu barada «Belta.by» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň