«Şerepli» käninden tebigy gaz akymy alyndy, gyrgyzystanly Mamyt Taştanow Türkmenistan boýunça welosipedli ýöriş geçirer, 8-28-nji awgust aralygynda Türkmenistanda «Roskino» festiwaly geçiriler

11:0008.08.2022
0
5105

1. Mary welaýatyndaky «Şerepli» gaz käninden senagat ugurly tebigy gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, guýudan gündelik 695 müň kubmetr tebigy gaz almaga mümkinçilik bardyr. Alynýan gazyň başlangyç mukdarynyň şeýle bolmagy bu ýatagyň mümkinçilikleriniň uludygyny çaklamaga esas döredýär.

2. Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň ýaşulusy Mamyt Taştanow Çarwadarlaryň IV bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkiýäniň Bursa şähärine welosipedli ugrady. 75 ýaşly welosipedçi Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň we Türkiýäniň üstünden geçýän ugur boýunça hereket eder.

3. Lukmanlar Türkmenistanyň «Mollagara» şypahanasynyň bejeriş palçygynyň Ysraýyldaky Öli deňziň palçygyndan pes däldigini tassykladylar. Gadymy Uzboýuň guran hanasynda saklanyp galan Mollagaranyň duzly köli 105 kilomtere uzaýar. Köldäki suwuň himiki düzümi pasyllara görä üýtgeýär, şonuň üçin howdanyň reňki hem üýtgeýär. Kölüň palçygy arassadyr – ol öz-özüni zyýansyzlandyrýar.

4. Türkmenistanda «VOD IVI» onlaýn platformasynda Rus kino festiwaly geçiriler. 8-28-nji awgust aralygynda bäş sany rus fimi, şol sanda iki sany uly göwrümli film we köp bölümli multfilm ähli türkmen tomaşaçylaryna mugt tomaşa etmek üçin elýeterli bolar. Görkezilişiň meýilnamsynda «Bir dem» («Один вдох»), «Uçuş» («Взлёт»), «Ýene bir gezek salam!» («И снова здравствуйте!»), «Maşgala býudjeti» («Семейный бюджет») kinofilmleri we «Toşanyň sporty» («Спорт Тоша») multfilmi bar. Filmler rus dilinde türkmen dilindäki subtitrler bilen görkeziler.

5. Kubadaky iri nebit saklanýan toplumdaky içi ätiýaçlyk nebitli ammara ýyldyrym düşmegi sebäpli ýangyn döredi. Heläkçilik Matansas şäherindäki nebit saklamak üçin niýetlenen supertankerler bazasynda bolup geçdi. Ýyldyrym 50 müň kubmetr nebit saklamak üçin niýetlenen ätiýaçlyk desganyň gümmezine düşdi. Helakçilik wagtynda ol ýarsyna çenli doldurylypdy.

6. 19-njy oktýabrda Sankt-Peterburgda «Moda arkalaşygy» atly forum geçiriler, ol GDA döwletleriniň moda ussatlaryny, dizaýnerlerini, senagatçylaryny, sungat we işewürlik ulgamlarynyň wekillerini bir ýere jemlär.«Moda arkalaşygy» ilkinji gezek geçirilýär, onuň maksady sebitde medeni aragatnaşyklary we ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekdir.

7. Türkmenistanly türgenler Russiýada geçirilýän «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport bäsleşiklerinde sportuň kuraş görnüşi boýunça ýedi baýraga mynasyp boldular. Türkmen göreşçileriniň hasabynda iki kümüş we bäş bürünç medal bar. Türkmenistanyň milli ýygyndysy jemi 16 medal toplamagy başardy. «Aziýanyň çagalary» atly halkara sport oýunlarynyň medal sanawynda Türkmenistanyň ýygyndysy onunjy orunda barýar.

8. Türkmenistanyň milli ýygyndysy Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Konýa geldi. Islamiadanyň açylyş dabarasy 9-njy awgustda geçiriler. Oýunlarda jemi 483 toplum medal üçin göreşiler. Türkmen türgenleri ýeňil atletika, ýaýdan ok atmak, 3х3 basketbol, welosport, gylyçlaşmak, çeper gimnastika, dzýudo, karate, kikboksing, ýüzmek, agyr atletika, erkin we grek-rim göreşleri hem-de adaty ýaýdan ok atmak boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň