Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: dört duşuşygyň birinde-de ýer eýeleri ýeňiş gazanyp bilmedi

09:4908.08.2022
0
1089

Dört duşuşygyň ýekejesinde-de meýdan eýeleriniň ýeňiş gazanyp bilmezligi Ýokary liganyň 2-nji tapgyrynyň esasy aýratynlyklarynyň biri boldy.

Tapgyrdaky duşuşyklaryň üçüsinde ýer eýeleri myhmanlardan asgyn geldi. Bir duşuşyk bolsa deňlikde tamamlandy.

Has takygy, «Aşgabat» öz meýdanynda «Köpetdagdan», «Energetik» «Merwden», «Nebitçi» bolsa «Şagadamdan» asgyn geldi. «Altyn asyr» öz meýdanynda geçirilen duşuşykda «Ahaly» ýeňip bilmedi.

Ýeri gelende, «Altyn asyr» ― «Ahal» duşuşygynyň möwsümde deňlik bilen tamamlanan ilkinji duşuşykdygyny hem aýtmak gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň