Soňky habarlar

Arhiw

«Siti» ýeňiş, «Ýunaýted» ýeňliş bilen badalga aldy

22:4407.08.2022
0
2508

Şu gün Angliýanyň premýer-ligasynyň birinji tapgyrynyň soňky üç oýny geçirildi. Günüň ilkinji duşuşygynda «Braýton» «Mançester Ýunaýtediň» myhmany bolup, yzyna üç utuk bilen dolandy. Myhmanlara ýeňiş getiren gollaryň ikisinem Paskal Gross derwezä gönükdirdi. Ýer eýeleri ol gollara diňe bir gezek – Makkalisteriň awtogoly bilen jogap berip bildiler. Şeýlelikde «Mançester Ýunaýted» Erik ten Hagyň baş tälimçiligindäki ilkinji möwsümini öz öýündäki ýeňliş bilen başlady.

Şu gün öz öýünde «Brentfordy» myhman alan «Lester» 2-0 hasabyndaky üstünligi elden giderip deňlige kaýyl boldy. Duşuşykda, ilki bilen, Kastanyň we Dýusberi-Holluň uran gollary ýer eýelerini 2-0 hasabynda öňe çykardy. Emma ikinji ýarymda «Brentford» Touniniň we Dasilwanyň dürs urgularynyň hasabyna ýeňlişden halas bolmagy başardy. Günüň ahyrky oýnunda «Mançester Siti» toparyň täze ýyldyzy Erling Holannyň dubly bilen myhmançylykda «West Hemi» 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Angliýanyň premýer-ligasynyň şu günki oýunlarynyň netijeleri:

«Mançester Ýunaýted» 1-2 «Braýton»;

«Lester» 2-2«Brentford»;

«West Hem» 0-2 «Mançester Siti».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň