Amerikanyň Minnesota ştatynyň ýaşaýjysy Diana Armstrong umumy uzynlygy 13 metrden hem gowrak dyrnaklary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.
Diana atly zenan eýýäm 25 ýyldan gowrak wagt bäri dyrnaklaryny ösdürip gelýär, onuň iň uzyn dyrnagy sag eliniň başam barmagyndadyr, ol 138.94 santimetre deň. Iň gysga dyrnagy çep külembikesinde bolup, 109.2 sm.
Bu barada Kitabyň saýtynda habar berilýär diýip, «Interfaks» ýazýar.